Täze möwsüme 4-nji martda girişiler!

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Ýokary liganyň täze möwsümine 4-nji martda girişmegi meýilleşdirýär. Federasiýanyň Ýokary liga wekilçilik edýän klublara bu baradaky resmi hatyny ýetirendigi habar berildi.

Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji üç tapgyrynyň duşuşyklaryny 4-nji, 7-nji we 10-njy mart günlerinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Şondan soň bolsa ýurdumyzyň milli ýygyndysy Eýranyň ýygyndysy bilen Dünýä çempionaty – 2026-nyň we Aziýanyň Kubogy – 2027-niň saýlama duşuşyklarynyň ikisini geçirer.

Federasiýanyň täze möwsüme baharyň ilkinji günlerinde badalga bermeginiň esasy sebäbi milli ýygyndynyň saýlama duşuşyklara taýýarlykly barmagyny üpjün etmek bilen baglydyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky futbol çempionaty 4 aýlawdan ybarat bolar. Ýakyn günlerde ilkinji aýlawlaryň senenamasy paýlaşylar. Häzirki wagtda bolsa türkmen futbolynda gyşky transfer penjiresi dowam edýär. Ýokary liganyň wekilleri täze ýylyň ilkinji günlerinden ykjam türgenleşiklere girişdiler.

Şirmyrat AŞYRAMANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok