Ýurdumyzda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezinde dürli eýeçilik görnüşli bilim edaralarynyň dil öwredýän gysga möhletli okuwlarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasyny geçirmek boýunça Merkezi we welaýat guramaçylyk komitetleriniň bilelikdäki mejlisi bolup geçdi.

Garyşyk görnüşde geçirilen mejlise gatnaşanlar rus we iňlis dillerini dürli derejede bilýänler üçin tabşyryklary taýýarlamagyň esasy ugurlaryny we düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdylar, bäsleşige gatnaşýanlara bildirilýän talaplary, şeýle hem olimpiadanyň ikinji we üçünji tapgyrlaryna geçmegiň tertibini, olary geçirmegiň görnüşini we beýleki guramaçylyk meseleleri kesgitlediler.

Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasynyň birinji tapgyryny 4-nji fewralda bilim merkezlerinde geçirmek meýilleşdirilýär. 18-nji fewrala meýilleşdirilen ikinji tapgyr Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan gatnaşýanlar üçin D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Balkanabat welaýaty boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Mary welaýaty boýunça Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda geçiriler. Daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasynyň jemleýji, üçünji tapgyryny 10-njy martda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu çäräniň guramaçylykly geçirilmegi üçin guramaçylyk komiteti, baş eminler we synçy iş topary döredildi. Olimpiadanyň guramaçylyk komitetleriniň düzümine Türkmenistanyň hususy bilim we dil merkezleriniň köpüsiniň ýolbaşçylary hem wekilleri girýär. Guramaçylaryň eýýäm daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet olimpiadasyny geçirmek tejribesi bar ‒ ilkinji gezek ol geçen ýyl ýola goýuldy, indi bolsa her ýyl geçiriler.

Gülälek SÄHEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok