Türki Döwletleriň Guramasynyň utgaşdyryjy komitetiniň dördünji mejlisi geçirildi

Stambulda Türkiýäniň Parlament assambleýasynyň, Halkara türk akademiýasynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň, şeýle hem halkara türk medeniýeti we mirasy gaznasynyň gatnaşmagynda Türki Döwletleriň Guramasynyň utgaşdyryjy komitetiniň dördünji mejlisi geçirildi.

Mejlisde bu guramalaryň geçen ýylda alyp baran işleriniň netijeleri jemlenip, 2024-nji ýyldaky iş meýilnamalary, şol sanda Ženewada geçirilmegi meýilleşdirilýän Türki dünýäsiniň hepdeliginiň çärelerine garalyp geçildi.

TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew duşuşykda çykyş edip, bu guramanyň 2024-nji ýylda 15-den gowrak ýurtda 150 töweregi çäräni geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Medeni gatnaşyklaryň gerimini giňeltmekde Türkmenistan bilen bilelikde guralmagy meýilleşdirilýän çärelere möhüm orun berilýär. TÜRKSOÝ-yň Hemişelik Geňeşiniň 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan edendigini ýatlatmak bilen, Soltan Raýew, ýygnakda wekilçilik eden guramalaryň her birini Magtymguly Pyragy ýylynyň çäginde guralan dürli çärelere gatnaşmaga we olara goldaw bermäge çagyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Änew şäheriniň şu ýyl Türki dünýäniň medeni paýtagty bolandygy bellendi. Şonuň üçin TÜRKSOÝ köp çäresini, şol sanda däp bolan çäreleri-de Türkmenistanda geçirer. Soltan Raýewiň aýtmagyna görä, bu gurama türki dünýäniň medeni paýtagty ady bilen Türkmenistanyň medeni gymmatlyklaryny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça möhüm meseläni öz üstüne alýar.

Sona AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok