«Kyýamat sagady»: 90 sekunt!

Meşhur fizik Albert Einşteýn we onuň bilen döwürdeş alymlar tarapyndan 1947-nji ýylda döredilen we 77 ýyldan gowrak wagt bäri adamzadyň öz-özüni ýok etmäge galan wagtyny kesgitleýän «Kyýamat sagady» (Doomsday Clock) her ýyl dünýäniň meşhur adamlary we alymlary tarapyndan täzelenip durýar. Adamlaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýany, betbagtçylyklar we weýrançylyklar, ykdysady krizisler bu sagada düýpli täsir edýär.

«Kyýamat sagady» döredilen wagty gije ýarysyna 17 minut bardy. Emma ondan bäri bolup geçen wakalar daşky gurşawa ýetirilen zyýanlar, betbagtçylyklar we weýrançylyklar, ykdysady krizisler bu sagadyň häzirki wagtda 90 sekunda çenli azalmagyna sebäp boldy. Ýagny, adamzadyň öz-özüni ýok etmegine galan wagt 90 sekunt.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok