Astanada geçiriljek işewürlik missiýasyna türkmen telekeçileri gatnaşar

Gazagystan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Türkmen telekeçileriniň Gazagystanyň paýtagtyna çagyrylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyklary guramaga gönükdirilen başlangyç Astana diplomatik klubuna degişlidir.

2023-nji ýylda Gazagystanyň telekeçileri iki gezek biznes-missiýalary boýunça Türkmenistanda bolupdylar. Diplomatik klub şu ýylyň 19 — 23-nji fewraly aralygynda türkmen telekeçileriniň Astana şäherine şeýle saparyny taýýarlaýar.

Astananyň saýlanmagy onuň Gazagystanyň iň iri, döwrebap we çalt ösýän şäherleriniň biri bolup durýandygy bilen baglydyr. Ýokary durmuş derejesi bilen tapawutlanýan paýtagt sebitiň işewür, syýasy we maliýe merkezidir. Şeýlelikde, türkmen telekeçileri «Astana» halkara maliýe merkeziniň işi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik alarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şäheriň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda onuň çalt depginde ösýän bazaryny, soňky 10 ýylda iki esse artan ilatyny (1,4 milliondan adamdan gowrak), ýaş hünärmenler üçin özüne çekijiligini, durnukly ykdysadyýetini, ösen infrastrukturany we sanlylaşdyrylyşyny görkezmek bolar. Klubuň iş saparlary şertnamalar, ylalaşyklar we taslamalar ýaly amaly netijelere gönükdirilendir.

Aýlar ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok