Türkmen agyr atletikaçylary Gazagystanda türgenleşýär

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlary ― 2024-iň saýlama tapgyryna şu günler Gazagystanyň Şimkent şäherinde geçirýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda taýýarlyk görýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen agyr atletikaçylary Pariž Olimpiadasynyň saýlama tapgyryna girýän ýaryşlaryň birnäçesine geçen ýylda hem gatnaşdylar. Olaryň käbiriniň bolsa Fransiýanyň paýtagtynda ýaryşmaga has ýakyn gelendigini aýtmak gerek.

Milli ýygyndynyň tälimçiler düzümi Şimkentdäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna türgenleriň 12-sini alyp gitdi.

Türkmen agyr atletikaçylaryna öňümizde iri halkara ýaryşlaryň ikisi garaşýar. Olaryň biri fewral aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýanyň çempionaty bolsa, ikinjisi aprel aýynda Tailandda geçirilmegine garaşylýan dünýä çempionatydyr. Türkmen agyr atletikaçylary Gazagystanda 2-nji fewrala çenli türgenleşer.

Nurymyrat MEÝLISOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok