Özbegistan — Azerbaýjan — Gruziýa, Russiýa — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugrlaryndan 2023-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda 52 sany konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirildi. Bu Hytaý— Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde amala aşyryldy.
Hasabat döwründe, 2023-nji ýylyň on iki aýynda Türkmenistanyň çäginden jemi 10 799 sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy, şol sanda: üstaşyr 5 614, eksport 2 316 we import 2 869 sany konteýnerlerde ýükler daşaldy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 356 sany konteýner ýük daşamalaryň mukdary köpeldi.
Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar – Günbatar, Demirgazyk – Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňzi, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstüşyr geçelgeleri özüne birleşdirer.
Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr-ulag geçelgeleri boýunça täze ýük gatnawlary we Hytaý — Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça konteýner gatnawlary döretmek baradaky öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Mäti PENDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler