Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinden 12 km günorta-günbatarda ýerleşýän «Jahangyr» ýatagyndan ýerasty suw akymy alyndy. Şol bir wagtyň özünde Gyzylabadyň 15 km günortasynda, göni Purnuaryň meýdançasyndaky dag jülgesinde burawlaýyş işleri alnyp barylýar.
Tapylan suwuň himiki düzümi we minerallaşma derejesi Aşgabatda ýerleşýän «Türkmengeologiýa» döwlet konserniniň merkezi barlaghanasynda barlandy. Netijede suw ýokary hilli bolup çykdy.
Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda Magtymguly etrabynyň Çendir meýdançasynda guýy burawlamak dowam edýär. Bu ýerde gidrogeologlar bir aýa golaý wagt bäri nobatdaky guýynyň agzyndaky gaýa massasyny üstünlikli geçip başladylar.
Hünärmenleriň bu ýerde alyp barýan işleri, suw çeşmelerini gözlemek, ýangyç-energetika toplumy kärhanalarynyň strategiki taýdan möhüm iş ýerlerinden ýerasty suwlary burawlamak ýa-da zeýkeş bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Olar adamlara zerur bolan süýji we mineral, ýylylyk we senagat suwlarynyň çeşmelerini gözlemek, esaslandyrmak, burawlamak we ýerleşdirmek bilen meşgullanýarlar.
Mülkiaman YMAMKASYMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler