Türkmenistan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly derejede aradan aýrar

Türkmenistan howanyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýär we howa boýunça Pariž ylalaşygyna laýyklykda, 2030-njy ýyldan başlap parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň doly derejede aradan aýrylmagyny gazanmagy meýilleşdirýär.

Aşgabat howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýany işläp düzdi we Ählumumy metan borçnamasyna goşuldy. Türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa sebitindäki howa tehnologiýasy boýunça BMG-niň merkezini açmak hem meýilleşdirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «IQAir» Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine garanyňda, Türkmenistanda howanyň howpsuzdygyny beýan edýär. Türkmenistan bu ugurdaky reýtingde 44-nji orny eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky 20 ýylda Aşgabatyň we beýleki ilatly ýerleriň töwereginde, dag eteklerinde hem düzlüklerde, 150 000 gektardan gowrak meýdanda takmynan 150 million gök nahal oturdyldy.

Magtymguly MAGTYMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok