Türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar

2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary berkitmek, parlament ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, syýasy-diplomatik işjeňligi artdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle-de ylym-bilim hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok