Gahryman Arkadagymyzyň kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr. Täze kitap Sukuba uniwersiteti tarapyndan ýapon diline terjime edildi.

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň ýapon diline terjime edilmegi bilen, okyjylara halkymyzyň umumadamzat ähmiýetli taryhy we baý medeniýeti, giň durmuş filosofiýasy, dünýägaraýşy, parasatly öwüt-ündewleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan uly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem kitapda ata-babalarymyzyň beýik işleri, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleri hakynda söz açylyp, awtoryň häzirki we geljek döwür baradaky çuňňur oýlanmalary beýan edilýär.

Käbe ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok