Bir-birinden zyýada gelýän şan-şöhratly ýyllary, taryhy wakalary, uly-uly zähmet üstünlikleri, beýik ýeňişleri bilen şöhratlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz türkmen halkymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna uly ruhubelentlik bilen gadam basdy. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu ýylymyzyň şygarynyň düýp özeninde türkmen edebiýatynyň hem-de tutuş dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna, gymmatly baýlygyna öwrülen dana şahyr Magtymguly Pyragynyň belent sarpasy, çäksiz hormaty bar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana Pyragynyň edebi mirasy ylmy esasda öwrenilýär, şahyryň belent sarpasy has hem artýar. Türkmenistan Diýarymyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň, il-halkymyzyň agzybirliginiň, abadançylygynyň, parahatçylygyň, halallygyň müdimi senasy bolup köňüllere dolýan şahyryň goşgulary, eserleri ençeme dünýä dillerine terjime edildi. Pyragynyň döredijiligi biz üçin ruhy hazyna, gymmatly edebi mirasdyr. Bagtyýar türkmen halky beýik akyldaryň many-mazmun we çeperçilik taýdan baý döredijiligine uly hormat goýýar, ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek babatda dünýä ýüzüne nusgalyk işleriň amal edilýändigine gözli birin şaýat bolýar.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgat hökmünde kalplara ornan hoş habar ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynda kabul edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024 – 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagydyr. Merdana halkymyzyň göz guwanjy, ebedi buýsanjy bolan Pyragy her bir setiri, her bir sözi çuňňur pähim-paýhasa, atalar sözüne hem nakyla öwrülen şygyrlary bilen her bir türkmen üçin ýörelgeli ýoldur, nusgalyk terbiýe mekdepdir.
Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň üstümizdäki ýylda halkara derejesinde uludan baýram edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, onda-da “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygar bilen geçýän ýylymyzda ählimiziň köňül joşgunymyzy goşalandyryp, şatlygymyza şatlyk eçilýär, ruhumyzy belende göterýär.
Taryhda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýoluny içgin öwrenmekde we oňa sarpa goýmakda, türkmen halkynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde belläp geçmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, belent maksatly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler