2024-nji ýylda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçiriler. Çäre 22 — 27-nji iýun aralygynda ýaýbaňlandyrylar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň çäginde guraljak Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň hakyky baýramyna öwrüler.
Ýeri gelende belläp geçsek, medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy türkmen sungatynyň özboluşly öwüşginlerini şöhlelendirýän dürli çäreleriň birnäçesini özünde jemlär.
Arkadag şäheriniň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna çeperçilik sungatynyň eserleriniň sergileri, aýdym-saz konsertleri, teatr sahnalary, döredijilik duşuşyklary we beýleki medeni çäreler garaşýar.
Jennet ORUNOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler