Türkmenistanyň ýygyndy toparlary Tomusky olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görýär

Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlary taýýarlyk görýärler. Bu barada, 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda mundan beýläk-de edenterbiýäni, sporty we olimpia hereketini ösdürmäge, ussat türgenleri taýýarlamaga, ýaşlarymyzyň sagdyn, berk bedenli bolmagyny, sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Tomsuky Olimpiýa oýunlaryny şu ýylyň 26-njy iýuly – 11-nji awgustynda Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Tokio şäherinde geçen Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan özüniň taryhynda ilkinji olimpiýa medalyny gazandy.

Altyngözel GURBANGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok