Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşik ene-mamalarymyzdan miras galan edim-gylymlara, däp-dessurlara belent sarpany kemala getirmek, halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerini has-da kämilleşdirmek we wagyz etmek maksady bilen geçirilýär. Oňa ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, şol sanda döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler. Oňa hödürlenen makalalarda, çeper oýlanmalarda, goşgularda, hekaýalarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlar hakda edilýän aladalar, eziz enelere, mähriban zenanlara goýulýan sarpa, maşgala mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyza we ýörelgelerimize, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärine söýgi öz beýanyny tapmalydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini çap edilen görnüşde hem-de elektron görnüşde «Baky bahar-ýazly bagtly zamana, döwür, döwlet sarpa goýýar zenana» atly bäsleşige diýen ýazgy bilen «Ahal durmuşy» welaýat gazetine hödürlemelidir. Şol işleriň iň gowulary «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň sahypalarynda, şeýle-de gazetiň elektron görnüşinde ýerleşdiriler.
Bäsleşige hödürleniljek işler şu ýylyň 6-njy martyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar. Bäsleşigiň ýeňijileri «Ahal durmuşy» welaýat gazeti hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan düzülen eminler topary tarapyndan kesgitlener. Onda birinji, ikinji, üçünji baýrakly orunlara mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.
Teswirler