Goraghananyň zähmet üstünlikleri

Tamamlanan 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” Repetek döwlet biosfera goraghanasy üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýylda goraghanada birnäçe zähmet üstünlikleri gazanyldy. Goraghananyň ylym we gorag bölüminde zähmet çekýän hünärmenler tarapyndan gazetdir-žurnallarda ylmy hem-de metbugat makalalarynyň 28 sanysy çap edildi. Bu makalalaryň aglaba böleginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň tebigy aýratynlyklaryndan söz açylýan gymmatly maglumatlardygy diýseň begendiriji ýagdaýdyr.

Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda ýylyň dowamynda ýaz hem-de güýz aýlarynda 2023-nji ýylyň iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen 10 müň sany gara sazak tohumlary we 3 müň sany sözen tohumlary emeli usulda tokaýsyz meýdanlara hem-de nahalhana ekildi. Bu hem bolsa ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişiniň bir subutnamasydyr.

Goraghananyň ylmy işgärleri tarapyndan degişli ugurlar boýunça ylmy-meýdan işleri geçirilip, oňat netijeler gazanyldy. Ýylyň dowamynda 25-den gowrak telewideniýe gepleşiklerinde ylym bölümiň ylmy işgärleri çykyş etdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, geçen ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 32 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyza ýene-de bir şatlykly syýasy habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim, medeniýet meseleleri boýunça ýörite guramasy hasaplanylýan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Gazagystan hem-de Özbegistan döwletleri bilen bilelikde hödürlän “Aram guşaklygyndaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň “Gaplaňgyr”, “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanalarynyň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň düzümine girizilmegi baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny ýene-de bir gezek beýgeltdi. Bu şatlykly syýasy habar Repetek döwlet biosfera goraghanasynda, şeýle hem Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynda zähmet çekýän hünärmenleriň göwün guşuny diýseň ganatlandyrdy.

Ýurdumyzda ajaýyp aýratyn goralýan meýdanlary ylmy esasda dünýä derejesinde öwrenmeklige giň şertlerdir mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris!

Aziza FURKATŽANOWA,

Türkmenistanyň Daşky gurşawy
goramak ministrliginiň Repetek
döwlet biosfera goraghanasynyň
kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji
guramasynyň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok