Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hormatly Prezidentimiziň watandaşlarymyza ähli babatda döwlet goldawlaryny bermek baradaky tagallalaryndan ugur alyp, maşgala toý-dabaralaryňyzy dabaraly geçirmek üçin «Toý karzy» bank hyzmatyny hödürleýär.
Karz serişdesi ýyllyk 10 göterim bilen, 3 ýyl möhlete 100 müň manada çenli berilýär. Bankymyzyň hödürleýän bu karzy size maşgalaňyzyň iň ýakymly günlerini göwnüňizdäki ýaly geçirmäge ýardam berer.
Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky «Toý karzy» bank hyzmatyndan peýdalanmak isleýän müşderileriniň ýüztutmalaryny we degişli resminamalaryny bankyň resmi www.dayhanbank.gov.tm internet sahypasy arkaly onlaýn görnüşinde hem kabul edýändigini ýatladýar.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
Aşgabat şäheri boýunça: 38-03-79, 38-03-65;
Ahal welaýaty boýunça: 8-00137-33-4-39;
Balkan welaýaty boýunça: 8-00246-5-21-51;
Daşoguz welaýaty boýunça: 8-00322-9-35-07;
Lebap welaýaty boýunça: 8-00422-9-13-48;
Mary welaýaty boýunça: 8-00522-6-76-40.
Teswirler
Haçandan başlap gùýje girýar