Awokadonyň watany Demirgazyk, Günorta Amerikanyň tropiki we subtropiki sebitleri bolup durýar. Ol agaç görnüşde duş gelýän peýdaly häsiýeti ýokary bolan miwedir. Miweleri özüniň ýokary derejeli ýokumlylygy we dermanlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar.
Miwesiniň etlek iýilýän bölegi 65-85%-ni we tohumy bolsa 15-35%-ni tutýar. Miweleri armyt görnüşli, şonuň üçin awokado armydy hem diýilýär. Miwe gabygy ýuka, miwesiniň içinde iri şänigi bolýar. Miwesinde 9,8-30% ýag, 1,6-2,1% protein, 60-70% suw we A1, B1, C, B2, D, E, PP, K witaminler saklanýar. Bu aýdylan ähli peýdaly maddalardyr, witaminler adam saglygyny gowulandyrmaga örän uly kömek edýär. Awokado Türkmenistanda ösdürilmeýär, ýöne ýylyň dowamynda biziň bazarlarymyzda ter awokado miweleri görnüşinde görmek bolýar. Awokadonyň üýtgeşik ýakymly tagamy bar. Awokado aşgazan-içege kesellerinde, gastritde, gipertoniýada, süýji keselinde ulanylýar. Şeýle-de, miwe kosmetiki serişdeleriniň önümçiliginde peýdalanylýar. Ondan başga-da miwäni ilkinji gezek kabul edilinde az mukdarda kabul etmek maslahat berilýär. Sebäbi, hem düzüminde ýaglaryň köplügi üçin bagyrda we iýmit siňdiriş ulgamynda näsaglyk döreýär. Ýagny, onuň siňdiriliş derejesi ýokary däldir. Şonuň üçin hem az mukdardan tiz-tiz kabul etmek maslahat berilýär. Miwäni gündelik kabul etmek bolýar.
Bu miwäniň peýdalylygy diňe miwesi bilen çäklenmäni onuň tohumlary hem örän peýdalydyr. Sebäbi onuň tohumynyň düzüminde hem birnäçe peýdaly maddalar saklanýar. Tohumynda 2% ýag, 30% krahmal, we protein, şol sanda alma kislotasyny, şeker, pektin, tanin we guminler saklanýar. Olar hem dermanlyk serişdeler hökmünde ulanylýar.
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler