«Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde bagtyýar zamanamyzyň eşretli durmuşynda ýaşaýan, döredijilik bilen iş salyşýan raýatlaryň arasynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady

1. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny dabaralandyrmakdan we ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmekden;

2. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan, döwet galamyndan dörän gymmatly eserlerini giňden öwrenmekden, many-mazmunyny ildeşlerimize ýetirmekden hem-de ony wagyz etmekden;

3. Halkymyzyň dana şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgüsini has-da ýokarlandyrmakdan;

4. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döreden ajaýyp eserleriniň üsti bilen ösüp gelýän ýaş nesliň il-gününe, Watana wepaly bolup ýetişmeklerini gazanmakdan, olarda halal zähmete, gaýduwsyzlyga, ruhubelentlige, türkmeniň däp-dessurlaryna söýgi döretmekden;

5. Türkmeniň milli gymmatlyklaryny buýsanç bilen nesillerimize ýetirmekden, asyrlaryň jümmüşinde bolup geçen taryhy wakalary, medeni gymmatlyklary öwrenmekden;

6. Akyldar şahyrymyzyň bize goýup giden mirasyny öwrenmekden, geçirilýän wagyz-nesihat işleriniň täsirliligini güýçlendirmekden, halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertleri

1. «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly bäsleşige welaýatymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda zähmet çekýän, orta we orta hünär, ýörite orta, ýokary okuw mekdeplerinde okaýan we beýleki raýatlar gatnaşyp bilerler.

2. Bäsleşige gatnaşyjylar wezipeleri, hünärleri, ýaşlary boýunça çäklendirilmeýär.

3. Bäsleşige gatnaşyjylar ýazan eserlerini «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly bäsleşige diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri hakyndaky maglumatlary (ady, familiýasy, okaýan, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysy, iş, öý ýa-da el telefon belgileri) goşmalydyrlar.

4. Bäsleşige hödürlenilen eserleriň mazmuny we çeperçiligi ýörite düzülen eminler topary tarapyndan töwerekleýin seljerilip, soňra olar «Maru — şahu jahan» welaýat gazetinde çap ediler.

5. Bäsleşige hödürlenilen eserleri «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

6. Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlenilýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylarlar we olara «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň Hormat hatlary gowşurylar.

Bäsleşigiň jemleri boýunça şu aşakdaky baýrakly orunlar bellenilýär.

Makalalar boýunça:

Alty sany baýrak.

Oçerkler boýunça:

Alty sany baýrak.

Hekaýalar boýunça:

Alty sany baýrak.

Goşgular toplumy boýunça:

Alty sany baýrak.

Şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşanlaryň 6-syna höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Guramaçylyk topary.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok