Agyz suw ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça işler geçirilýär

“Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň sebitleriniň çäklerinde agyz suwy ýataklaryny gözlemek we ýüze çykarmak boýunça gidrogeologik barlag işlerini geçirýärler. Bu barada, 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Döwlet Baştutanymyz agyz suwy ýataklaryny gözlemegiň we ýüze çykarmagyň möhüm wezipedigini belledi we bu ugurda işleri ylmy esasda alyp barmagyň ähmiýetine üns çekildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bu meselede netijeli işleri geçirmelidigini aýdyp, zerur bolan halatynda, korporasiýanyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyryp durmagy tabşyrdy.

Näzikjemal HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok