Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasy işlenip düzüldi. Bu barada, 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.
Maýa goýum maksatnamasynyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlandy.
Onuň çäklerinde, köpugurly iri taslamalaryň ençemesini, şol sanda halkara we sebit ähmiýetli bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze howa menziliniň, kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly-dolanyşykly elektrik stansiýasynyň, Aşgabat-Türkmenabat halkara derejeli ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprüniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam eder.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen maýa goýumlaryny durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalary baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň we aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler.
Gülzada HEKIMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler