Türkmenistanda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal geçiriler

Meýilnamalara laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek göz öňünde tutulýar. Bu barada, 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly guramak meýilleşdirilýär. Daşary ýurtlaryň teleýaýlymlarynda görkezmek üçin ýurtda geçiriljek, amala aşyrylýan syýasaty we gazanylýan üstünlikleri beýan edýän möhüm wakalara bagyşlanan dürli telegepleşikler taýýarlanylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna örän uly ornuň degişlidigini belläp, wise-premýer M.Mämmedowa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, şeýle hem Arkadag şäherinde guraljak Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Mähri BEKENOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok