Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamyna X-Road arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär

19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzda milli «Elektron hökümet» ulgamyny emele getirmekde täze çemeleşmelerden ugur alynýandygy barada aýdyldy. Onda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan X-Road arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär we häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler görülýär. Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kompaniýalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundysyny görkezmek bolar. Mundan başga-da, milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň önümçilik binýadynda täze “Belet Video” hyzmaty işe girizildi we onda ylmy-okuw, aýdym-saz, okuw materiallary, habarlar, dokumental filmler ýaly dürli wideolaryň yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebaplaşmagy bilen ýurdumyzda internet akymlarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň raýatlarynyň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etmegi tabşyrdy.

Nafisa ERKINJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok