Türkmen tennisçi çempiony boldy

Türkmen tennisçisi Ilima Guseýnowa Maskatda (Oman) 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Merkezi we Günbatar Aziýanyň saýlama çempionatynyň çempiony boldy. Iki tapgyrdan ybarat ýaryşa 13 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Iki ýaryşyň jemi boýunça Ilima ýekelikde iki altyn, Aýlar Kakabaýewa bilen bilelikde çykyş edip hem iki kümüş medal eýeledi.

Ilkinji altyn medal ugrunda bäsleşikde Türkmenistanyň 13 ýaşyndaky ilkinji raketkasy çärýek finalda Tali Essam Ali Al Busaýdi (Oman) – 6:0, 6:0, ýarym finalda Asal Farahbodniai (Eýran) – 6:2, 6:2 hasabynda ýeňdi we finalda Eýranyň beýleki bir wekili Hana Şabanpurdan 6:4, 6:4 hasabynda üstün çykdy.

Ikinji altyn medal Ilima kyn düşdi. Çärýek finalda Arin Al Azkawini (Oman) – 6:1, 6:1 we ýarym finalda bolsa Asal Farahbodniai (Eýran) – 6:1, 6:4 hasaby bilen ýeňiş gazansa-da, 3,5 sagat dowam eden finalda ildeşimiz üçünji torda ýitirildi – 2:5 hasabynda ýeňilýärdi. Ýöne muňa garamazdan, erjellik bilen 4:6, 6:1, 7:5 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Ilima Guseýnowa bilen Aýlar Kakabaýewa bilelikde oýnap ilkinji ýaryşda Omandan Tali Essam Ali Al Busaýdini we Salma Issa Al Riýamini – 6:0, 6:1, finalda bolsa Eýrandan Golsa Rahimianamiri/Hana Şabanpour – 4:6, 7:6 (4), 1:10 hasabynda ejiz geldiler. Ikinji ýaryşda ýarym finalda türkmen tennisçileri halkara jübüti Tal Essam Ali Al Busaýdiden (Oman)/Asal Farahbodniaiden (Eýran) 6:1, 6:0 hasabynda rüstem gelseler-de, çekeleşikli finalda eýranly Golsa Rahimianamiriden/Hana Şabanpurdan 6:3, 3:6, 10:12 hasabynda utuldylar.

Muhammetniýaz MUHAMMETNYÝAZOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok