Türkmen küştçisi Türkiýede geçirilen ýaryşda ýeňiji boldy

Türkmenistanly ussat türgen grossmeýster derejeli Saparmyrat Atabaýew Türkiýe Respublikasynda geçirilen White Elephant Elite “Ak pil” ýaryşynda 6,5 utuk gazanmak bilen ýeňiji boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Şweýsariýa ulgamynda geçirilen bu ýaryşda 24 ýaşly türkmen türgeni 6 ýeňiş gazandy we 1 gezek deňme-deň utuş gazandy. Ýaryşa jemi 27 küşt türgeni gatnaşdy.

Saparmyrat Atabaýew 2023-nji ýylda Özbegistan Respublikasynda geçirilen “Rokirowka – 2023 Masters” küşt festiwalynda grossmeýster derjesini almak üçin ähli talaplary ýerine ýetirip ýeňiji bolupdy.

Bägüljemal Döwletowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok