Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär.
Magtymguly, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň milli şahyrydyr. Akyldar bütin adamzada söýgi bilen sereden hem bolsa, onuň öz halkyna bolan söýgüsini, mährini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Şahyry millilik çäklerinden çykaryp, ony umumyadamzat şahyryna öwren zat – onuň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsidir, il-günüň ykbalyna baglanan söweşjeň oýlanmalarydyr.
Halk içinde ýaýran rowaýatlaryň birinde, Magtymguly Pyragy öz obadaşlary bilen bilelikde Eýran hanlarynyň biriniň eline ýesir düşýär. Eýran hany ony ýoldaşlaryndan aýyryp, Tährana alyp gidýär we şol ýerde alyp galmakçy bolýar. Emma Magtymguly Pyragy:
– Men hiç wagt aslymdan dänmen! – diýip
Ýaz geler, wagt-da gider, gaflata çykmyş gözlerim,
Açaýyn diýsem açylmaz, – ne agyr uýkulydyr.
Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz:
Asly-gerkez, Ýurdy Etrek, ady Magtymgulydyr
Diýen setirler bilen öz aslynyň doglan ýurdunyň we adynyň kimligini beýan edipdir.
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi.
Selbi Gurbanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.
Teswirler