Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Awaza» döwlet elektrik bekedinde şu günlerde alnyp barylýan işler hem oňa doly güwä geçýär. Ol diňe bir Günbatar sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň elektrik energiýasyna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dürli derejeli ajaýyp myhmanhanalary, toplumlardyr desgalary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, kenarýaka şäheri üznüksiz elektrik energiýasy bilen üpjün edýän bu beket mynasyp hyzmatlary bitirýär.
Berkarar döwletimiziň energetika ulgamy barada edýän aladalaryndan ruhlanan awazaly energetikler geçen ýyly üstünlikli jemlediler. Has takygy, olar hasabat döwründe 1 milliard 133 million kilowat-sagatdan köp elektrik toguny sarp edijilere ýetirdiler. Netijede, bu baradaky meýilnama 104 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da önümçiligiň degişli ösüş depgini 112 göterim berjaý edildi.
Täze–2024-nji ýyla buýsançly badalga alan «Awaza» döwlet elektrik bekediniň zehinli hünärmenleri şu ýylam has ýokary üstünlikleri gazanmagy meýilleşdirýärler. Şu günlerde hem olar täze ýylyň ilkinji aýyny görnükli netijeler bilen jemlemek üçin tagallaly zähmet çekýärler.
Mähriban ŞIRMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler