Ýerewanda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler

2024-nji ýylda Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu çäreler bilen bagly meseleler Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Safarýan bilen 17-nji ýanwarda geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlaryndaky resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, taraplar söwda-ykdysady, ulag-logistika, ylmy-bilim, şeýle hem hukuk gatnaşyklary ýaly gün tertibindäki ikitaraplaýyn resminamalaryň meseleleri barada durup geçdiler. Hökümetara Türkmenistan — Ermenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk geňeşiniň indiki mejlisine görülýän taýýarlyk bolsa duşuşygyň aýratyn mowzugyna öwrüldi.

Gülzada BAÝJYKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok