Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ýubileýi belleniler

Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli onuň döredijiligine bagyşlanan sergini hem-de türkmen suratkeşleriniň, bu ugurda bilim alýan talyplaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda “Pyragydan ruhlanan ussat” atly forumy guramak göz öňünde tutulýar. Bu barada, 19-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Magtymguly Pyragynyň nusgalyk keşbini ilkinji bolup döreden Türkmenistanyň halk suratkeşi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Aýhan Hajyýewdir.

Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda gözel manzaraly Bagyr obasynda dünýä inipdir. Suratkeşligiň ýaş muşdagy dogany bilen bile Çeperçilik tehnikumynyň ýanyndaky ýatymlaýyn mekdebiň dürli bölümlerine: Aýhan – sungat bölümine, dogany – aýdym-saza girýär. Aýhan internatdan soň Çeperçilik tehnikumyna okuwa girýär, ony tamamlandan soň bolsa, Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynda suratkeş bolup işe başlaýar. 1944-nji ýylyň ahyrynda Aýhan özüniň söýgüli suratkeşi Wasiliý Iwanowiç Surikowyň adyny göterýän Moskwa sungat institutynda bilimini dowam etdirýär.

Begenç SÄHETGELDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok