Türkmenistanda sirk sungaty ösüşlere beslenýär

Türkmenistanda Döwlet sirklerine we aýry-aýry sirk döredijilik toparlaryna «Milli» diýen hukuk derejesini bermegiň tertibi hem şertleri tassyklandy.

Türkmenistanyň «Medeniýet hakyndaky», «Sirk we sirk sungaty hakyndaky» Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sirk sungatyny has-da kämilleşdirmäge, sirk işiniň ösüşini goldamaga gönükdirilendir. Bu resminama sirk sungatyny ösdürmegiň kanuny esaslaryny berkidýär we sirk sungatynyň ösmegine täze itergi berýär. Bu sungat döwlet Baştutanymyzyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde, soňky ýyllarda hakyky galkynyşy başdan geçirýär we halkara derejesinde giňden ykrar edilýär.

Şeýlelikde, milli sirk sungatynyň maddy we tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistan Döwlet sirkiniň binasynyň durkuny hemmetaraplaýyn täzelemek işleri geçirildi we ol tehniki taýdan has çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýän häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.

Häzirki wagtda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýigitleri 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Monakonyň Monte Karlo şäherinde geçiriljek 47-nji Halkara sirk festiwalyna gatnaşmak üçin özboluşly maksatnama taýýarlaýarlar. Festiwalyň guramaçylyk komiteti türkmenleri dünýäniň iň gowy atşynaslarynyň biri hasap etmek bilen, dünýä derejesindäki bu abraýly tomaşa gatnaşmagy teklip edip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna resmi çakylyk berdi.

Sadap MUHAMMETMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok