Kiçi çille — bu 17-nji ýanwardan 5-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 20 gün bolan döwürdir. Bu döwürde howa sowuk hem ygally bolýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde howanyň derejesiniň ortaça – 2, – 6, beýleki ýerlerinde bolsa – 2, +4 gradusa deň bolýandygyny köpýyllyk maglumatlar görkezýär.
Kiçi çillede ýagan gar ýerde köp ýatýar. Gar ýerde ýatsa, şüdügärlenen ýerleri bozukdyrýar, ol ýuwaş-ýuwaşdan eräp, ýeriň süňňüne siňip, yzgarlandyrýar. Bu bolsa geljekki hasyla bereket goşýar.
Kiçi çille döwründe güýzlük bugdaý gyşky «rahatlyk» ýagdaýynda bolýar. Şorlaşan ýerlerde şüdügärlenen meýdanlar tekizlenip, çil çekilýär we ýuwuş suwy tutulýar. Oba hojalyk tehnikalary abatlanyp, ýaz ekişine taýýarlyk görlüp başlanýar. Toprakda yzgar toplamak maksady bilen, miweli baglara gyş suwy berilýär. Howanyň amatly wagty agaçlary kesmek, timarlamak we şekil bermek işleri geçirilýär, ýaş nahallar oturdylýar.
Kiçi çille döwründe öri meýdanlarda garyň ýatýandygy, gyraw düşýändigi sebäpli mal bakmak üçin amatsyz bolýar. Şonuň üçin hem bu döwür dowarlary gyşlatmagyň iň aýgytly wagty hasaplanylýar.
Dilber MERDANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler