Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň giň okyjylar köpçüligine gowşan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň neşir edilmegi ulus-ilimiz üçin gymmatly sowgat boldy. Agzybir halkymyzyň ruhy dünýäsini deňsiz-taýsyz buýsanja beslän bu kitap Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan ilkinji kitap bolmak bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten uly sepgitleriniň we üstünlikleriniň jemine bagyşlanýar.
Kitabyň ilkinji sahypasynda hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemeginiň aňyrsynda ýaşlara bolan uly ynamy görmek bolýar.
Eýýämden daşary döwletleriň, hususan-da, goňşy doganlyk halklaryň ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyna uly gyzyklanma bildirmekleri buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabyny ýaşlara, olaryň gazanan üstünliklerine bagyşlamagy we «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýip atlandyrmagy hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesillere bildiren uly ynamyndan nyşan. Geçen ýylda dürli ugurda ýokary netijeleri gazanan ýaşlaryň ençemesine döwlet sylaglarynyň gowşurylyşy ýaly, ýaşlarymyzyň ençemesine hormatly Prezidentimiziň kitabyny ele alyp, onuň ilkinji okyjylary bolmak bagtynyň nesip etmegi hem uly ynamyň güwäsi bolup durýar. Ýürekleri alkyşly sözlerden, Watana söýgüsinden, geljege bolan beýik maksatlardan doly ýaşlar bu gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň daşynda öňküden-de mäkäm jebisleşip, täze üstünliklere tarap ynamly gadam urýar.
Ýulduz AÇILOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler