Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän asylly işler, düýpli özgertmeler ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgerdýär, gazanylan uly üstünlikler döwletimiziň ösüş ugruny ýokarlandyrýar. Ata Watanymyzy gülledip ösdürmegi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän oýlanyşykly işlenip taýýarlanylan ykdysady strategiýa we ähli pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin amala aşyrylýan çäreler durnukly ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan ägirt uly başlangyçlaryň kemal tapmagy hemmetaraplaýyn innowasion ösüşi üpjün edýär.
Belent ruhly, kämil bilimli, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe möhüm ugur hökmünde kesgitlenen. Ýokary hünärli, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarmaga ukyply ýaşlary terbiýelemek, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda ýaş maşgalalar üçin döredilýän durmuş ýeňillikleriniň görnüşleri giňeldilip, olara goldaw bermek, häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler yzygiderli görülýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby hem biz ýaşlar üçin ajaýyp sowgatdyr. Döwletimiz tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde ýaş nesiller ähli gujur-gaýratyny, bilimini ulanmak arkaly öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmekde, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmekde yhlas edýärler. Şeýle-de ýaşlaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler hem döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bu işleriň özenini düzýär. Bu bolsa halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli ýörelgeleriniň häzirki wagtda nusgalyk dowam etdirilýändigine, ýaşlaryň ýurdumyzyň durnukly ösüşini, beýik geljegini amal etmek ugrunda her bir zada jogapkärçilikli çemeleşýändiklerine doly şaýatlyk edýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler