Türkmenistanyň garaýyşlary dünýä jemgyýetçiligine ýetirildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşynda öňe sürlen milli garaýyşlaryň beýany Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň resmi dillerinde neşir edildi we ýaýradyldy. Bu Beýan Baş Assambleýanyň şu gezekki sessiýasynyň gün tertibiniň «Adamzadyň häzirki we geljek nesilleriniň bähbidine ählumumy howany goramak» hem-de «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» bentleri boýunça neşir edildi.

Resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) bilen bilelikde, Türkmenistanda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy üçin kanuny esasyň döredilendigi barada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň şu maslahata gatnaşmagyna özüniň howanyň üýtgemegi meselesi boýunça halkara strategiýasyny ilerletmekde tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýandygyny belledi. BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatyndan, soňraky iri forumlardan we Türkmenistanyň häzirki tagallalaryndan başlap, ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde dowamatlylygy hem-de yzygiderliligi üpjün etmek bu strategiýada kesgitleýji orny eýeleýär.

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň täsirlerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatda halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Bagtyýar AŞYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok