Türkmen we eýran alymlarynyň ylmy maslahaty geçirildi

Golaýda, ýagny 16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Abu Seýit Mäne babanyň döredijiligi — müňýyllyklaryň mirasy» atly türkmen we eýran alymlarynyň ylmy maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň alymlary hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi, Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan we Tähran şäherlerinde ýerleşýän uniwersitetleriniň pars dili we edebiýaty bölüminiň alym-mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatda Mäne babanyň ömri we döreden eserleri, akyldaryň kümmeti, binanyň bezeg aýratynlyklary we ondaky ýazylan ýazgylar dogrusynda giňişleýin çykyşlar edildi. Çykyş edenler taryhy-medeni ýadygärliklerimizi dikeltmäge we şeýle beýik şahsyýetleriň döredijiligini bilelikde öwrenmäge, öz pikirlerini paýlaşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Maslahatyň çäklerinde Mäne baba bagyşlanyp muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan XI-XII asyra degişli bolan gymmatlyklar, Mäne babanyň dürli ýyllarda döredilen heýkelleri, ýadygärlikden düşürilen fotosuratlar we beýik söz ussady barada ýazylan edebi, ylmy-çeper kitaplar sergilendi.

17-nji ýanwarda maslahata gatnaşyjylar Mäne babanyň aramgähine zyýarat etdiler.

Enebibi HAJYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok