Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şygryýet äleminiň göwher gaşy hasplanýan, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpa diýseň ýokarydyr. Şu ýylymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegi hem onuň aýdyň şaýadydyr. Bu ýylyň tutuş türki dünýäsinde hem “ Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” şygary astynda geçjekdigini bellemek has-da göwne makul hasaplanýar.
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli guwanjy we buýsanjy bolup durýar. Beýik söz ussadymyz özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýeleýär. Onuň döredijiliginde ynsany özüne baglaýjy ýagny, hakykady aýdy görkeziji gymmatlyklar bardyr. Şonuň üçin hem şahyryň dürdäne goşgy setirlerini okanyň saýy okasyň gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bu barada “ Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: “ Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulan mukaddeslikleriň biridir” diýip belleýär.
Şahyryň umman ýaly giň we çuň, köptaraply, ideýa-mazmuna baý döredijiligine türkmen halkynyň däbine, dessuryna, ruhy ýörelgesine öwrülen, halallyk, agzybirlik, ahlaklylyk, edeplilik, adyllyk, pespällik, baradaky nesihatlara ýugrulan goşgulary esasy orny eýeleýär. Türkmeniň ruhy çyragyna öwrülen Magtymguly atamyzyň nesihatlara ýugrulan şygyrlaryny okan her bir okyjy bir pursatlyk öz ýürek urgusyna diň salsa gerek. Şahyryň ruhy dünýäsinden gelip çykýan şeýle ynsanperwer garaýyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, ynsan köňülde ajaýyp duýgular döreýär. Ine, şahyryň beýikligi hem şol ýerden gelip çykýar. Hut şonuň üçin hem şygryýet älemini altyn ýüzüge deňelse, Pyragy hem onuň göwher gaşy bolup durýar. Magtymguly atamyz diňe biziň türkmen halkymyza belli bolman, dünýäniň ähli künjünde hem at owazasy dillerde aýlanýar. Şol sebäpden hem şahyryň şygyrlary dünýäniň ähli dillerine terjime edilen görnüşde bolýar.
Türkmen halkynyň göwün buýsanjyna öwrülen Pyragynyň adyny dünýä çykarmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Albina ZAKIRJANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler