Golaýda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezinde Koreýanyň Milli Maglumat Jemgyýeti Guramasy (NIA) tarapyndan döredilen Maglumat elýeterliligi merkezinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyk boldy. Diplomat pensiýa ýaşyndaky adamlar we saglyk ýagdaýy zerarly mümkinçiligi çäkli çagalar üçin döredilen bilim programmalary bilen tanyşdy, koreý dilini öwrenmek boýunça açyk sapaga gatnaşdy we merkezde ulanylýan okuw usullary barada aýdyň düşünje aldy.
Ji Kýu-Tek, şeýle hem bu merkez tarapyndan ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasy bilen bilelikde guralan görüşi pes adamlar üçin bilim maksatly kompýuterlerde we smartfonlarda ýazylan teksti sese öwürmek tehnologiýasyny ulanmak boýunça okuwlara gatnaşdy. Bu okuwyň çäginde oňa gatnaşanlar türkmen hem rus dillerindäki tekstleri kompýuterlerde we smartfonlarda sese öwürýän programmany ulanmagy öwrendiler.
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi dostlugyň, bilim hem medeni başlangyçlara goldawyň nyşany hökmünde Innowasiýa we maglumat merkezine koreý dilini öwretmek boýunça birnäçe kitap sowgat berdi. Duşuşyk işjeň medeni alyş-çalşygyň we bilim pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň ýene bir subutnamasy boldy.
Şagözel ARAZKLYÇEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler