Ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň üçünji tapgyry başlandy

Türkmenistanyň paýtagty bilen ýurduň gündogar bölegini birleşdirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygynyň soňky üçünji tapgyry başlandy.

Uzynlygy 600 km bolan Aşgabat — Türkmenabat awtoban ýoly «Türkmen Awtoban» we potratçy hususy kärhanalar tarapyndan gurulýar. Taslamanyň umumy bahasy 2,5 milliard ABŞ dollara barabardyr. Mary — Türkmenabat bölegi boýunça gurluşygy başlanan awtoulag ýolunyň häzirki böleginiň uzynlygy 288 km-dir.

Bu awtoulag ýoly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän goňşy ýurtlar bilen aragatnaşyk gurmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem bu ýol Kawkaz, Ýewropa we Aýlag ýurtlary ýaly dürli sebitlere, deňiz ýollarynyň açylýan ýeri bolan Türkmenbaşy şäherine göni we elýeterli ýagdaýda barmaga mümkinçilik döredýär.

Rahym BEGENJOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok