Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti sapar bilen Türkmenistana geler

Şu gün, ýagny 17-nji ýanwarda Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Türkmenistana geler. Bu sapar wise-prezident Margaritis Shinasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň 15 — 17-nji ýanwar aralygynda Merkezi Aziýada bolmagynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, saparynyň barşynda M.Shinasyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy meýilleşdirilýär.

«Sapar Ýewropa Bileleşigi bilen sebitiň arasyndaky barha artýan hyzmatdaşlygyň subutnamasyna öwrüljek «Ýewropa — Merkezi Aziýa» maýadarlar forumynyň bosagasynda guralýar» diýip, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti öz sosial platformasynda habar berdi. Bu forum 29-30-njy ýanwarda Brýusselde geçiriler.

Zyba RÖWŞENOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok