Türkmeniň şöhraty-şany bedewler

Türkmen halky uzak taryhyň dowamynda dünýä medeniýetine özüniň gymmaty egsilmejek miraslary bilen goşant goşup gelýän gadymy halkdyr. Dünýä medeniýetiniň baý mirasynyň öň hataryny bezeýän milli gymmatlygymyz hem behişdi bedewlerimizdir. Bedew türkmeniň wepadar syrdaşy, ýoldaşy. Halkymyz ahalteke bedewlerini nähili eziz görendigine edebiýatyň üsti bilen hem göz ýetirip bilýäris. Görogly begiň Gyratynyň, Hezreti Alynyň Düldüliniň, Gahryman Arkadagymyzyň Akhan bedewiniň edebiýatymyzda baky orun almagy hem halkymyzyň bedewlere goýýan sarpasynyň alamatydyr.

Mähriban halkymyz gö­zelligi we syratlylygy bilen tapawutlanýan bedewlerimizi dünýä sowgat bermek bilen çäklenmän, eý­sem, bu tä­sin tohumy yzygiderli kä­milleş­dirip, onuň arassalygyny saklap galmagy hem başardy. Meş­hur seýis, ussat atşynas, şan­-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini dö­reden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň Halkara atçylyk akademiýasyna dakylmagy ýurdumyzda zehinli seýislere we halypalara ägirt uly hormat goýulýandygynyň aý­dyň nyşanydyr. Arkadag şä­herinde Atçylyk ylmy- önümçilik merkeziniň hem gurlandygy bellärliklidir. Bu zatlaryň özi hem türkmen ahalteke bedewleriniň geljek nesillerimize gymmatly miras hökmünde ýetiriljekdiginiň subutnamasy bolup durýar.

Türkmen halkyna bedew atlar barada ençeme atalyk kitaplary sowgat eden Gahryman Arkadagymyzyň, behişdi bedewlerimizi şöhratyny dünýä ýaýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Aksona DURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok