Türkmen alymlary grek hozunyň ýapragyndan derman garyndysyny taýýarladylar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa bölüminiň müdiri A.Rahmanowanyň ýolbaşçylygynda biologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Akmyradow Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň lukmançylyk biologiýasy we genetika kafedrasynyň mugallymy H.Ataýew grek hozunyň ýapragyndan alnan garyndyny mikrokapsulaşdyrmak işini amala aşyrdylar.

Bu garyndy derman, azyk, kosmetiki we arassalaýjy serişdeleriň önümçiliginde peýdalanylyp bilner. Organiki kislotalar, şol sanda ellagowiý we kofeýniý agyry dörediji we bakteriýalary we mikroorganizmleri ýok edýär. Türkmenistanda bu derman garyndysyny öndürmegiň baý geljegi bar. Sebäbi türkmen tebigatynda grek hozunyň 20 – 40 aralygyndaky görnüşleri ösýär.

Dermanlyk garyndyny mikrokapsulamagyň esasy maksady, dürli sintetiki birleşmeleri, ýaglary we dargadyjylary öz içine almaýan adam saglygy üçin peýdaly derman serişdeleri öndürmekden ybaratdyr. Şeýle dermanlarda ynsan bedeni üçin köp sanly peýdaly maddalar goşulýar.

Derman garyndysyny ýasamak üçin grek hozunyň ýapragy Günbatar Köpetdagda ýerleşýän Garaýalçy dag jülgesinden getirildi. Ylmy taslamanyň başlygy A.Rahmanowanyň sözlerine görä, ylmy işde akademik, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy gollanmasyndaky gymmatly ylmy maglumatlar peýdalanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, derman serişdesi döräp biljek ýürek-damar keselleriniň, hroniki egzemanyň, dermatomikozanyň, ekssudatiw diateziň, skrofuleziň, rahitiň, iriňli ýaralaryň, çaga örgüniniň, furunkulanyň, karbunkulanyň we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almakda netijelidir. Täze derman serişdesi kislotalara, wiruslara we mikroblara garşy, antiparazit, antitora we immunizasiýa täsirlerine eýedir.

Gurbangözel ANNAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok