Şanyňa nesiller joşýar, Pyragy!

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawy bilen beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýuna dabaralar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar bilen bir hatarda döredijilik bäsleşikleri hem yzygiderli yglan edilýär. Geçen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy mynasybetli döredijilik bäsleşikleriniň gazet-žurnallar, partiýalar, edaralar şeýle-de TMÝG-nyň Merkezi Geňeşi tarapyndan onlarçasy geçirilip zehinli ýaşlar sylaglandyryldy. Hut Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde yglan eden “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi sözümiziň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygrynyň ady dakylan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem döredijilik bäsleşikleri yzygiderli yglan edilýär. “Maru-şahu-jahan”, “Türkmen gündogary” ýaly welaýat gazetleriniň metbugat sahypalarynyň üsti bilen ýaşlaryň arasynda yglan eden bäsleşikleri ýurdumyzyň ähli künjeginde beýik akyldaryň şanly toýuna taýýarlyklaryň güýçli depginde dowam edýändigini alamatlandyrýar.

Döredijilik bäsleşikleriniň dowamly geçirilmegi ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň jemgyýetdäki ornuny pugtalandyrmak ýaly belent maksatlary nazarlaýar.

Ýaşlary Watanyň daýanjy saýyp okamaga, öwrenmäge giň şertleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

Aýnur GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok