Rumyniýada Pyragynyň portretini çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Magtymguly Pyragynyň portretini çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşik Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.

Portret eserleri “A3” möçberli kagyzyň ýüzüne akwarel, galam we guaş usullarynda çekilmelidir. Surat eseriniň ýüzünde suraty çekeniň şahsy maglumatlary, okaýan ýeri görkezilmelidir.

Diplomatik wekilhananyň habar bermegine görä, surat eserlerine baha berlende onuň çeperçiligine, bezelişine we saýlanyp alnan ugruna aýratyn üns berler. Hödürlenilýän eserler Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda 23-nji fewrala çenli kabul ediler. Onuň ýeňijileri bolsa, 2-nji martda yglan ediler. Iň gowy eserler ilçihana tarapyndan guralýan sergilerde hem görkeziler.

Laçyn NURÝAGDYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok