Pyragynyň keşbi türkmen suratkeşleriň eserlerinde

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniň suratlarynyň we heýkelleriniň sergisi geçirildi.

Sergi Rahman Umarowyň täze döreden «Magtymguly» eseri bilen açyldy. Sergä gelenleri suratdaky nusgawy şahyryň nurana ýüzi garşy aldy.

Sergidäki suratlaryň köpüsi Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewe degişlidir, ol öz eserlerinde Magtymgula aýratyn üns beren suratkeşdir.

Şol bir wagtyň özünde, sergide beýleki şahyrlaryň – Seýdiniň, Mollanepesiň we beýlekileriň portretleri hem görkezildi. Sergi Magtymguly Pyragynyň poeziýasyny söýýänleriň we sungaty söýüjiler tarapyndan uly gyzyklanma mynasyp boldy.

Tawus KOWUSOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok