Pyragynyň edebi mirasy – umumadamzat gymmatlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde eziz ýurdumyzda milli mirasy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek, medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak boýunça möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine amaly-haşam döredijiligi, kitaphana we muzeý işi, taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak hem dikeltmek ýaly ýola goýulýan birnäçe işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Merdana halkymyzyň milli özboluşlylygyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, medeniýetiň döreýşi hem ösüşi hakyndaky çeşmeleri ygtybarly goramaga gönükdirilip döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat barha kämilleşýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ajaýyp teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, sergi zallary, medeniýet öýleri hereket edýär. Her ýylda amala aşyrylýan medeni ugurdaky taslamalar döredijilik mümkinçilikleri açmaga ýardam edýär.

2024-nji ýylyň şygarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy we bu ýylda dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly buýsandyryjy wakalary aýratyn nygtamak gerek. TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek baradaky çözgütler biragyzdan kabul edildi.

Halkymyzyň nusgawy edebiýatynda uly orny eýeleýän Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr, her bir ynsanyň aňynda orun alan ebedi gymmatlykdyr. Ata Watana bolan öçmejek söýgini, buýsançdyr guwanjy, belent ruhy özünde jemleýän dana şahyryň gymmatly döredijiligi ähli köňülleriň şamçyragy, ýüreklere ýol salýan ebedi mukamydyr.

Beýik Pyragynyň edebi mirasyny, milli medeniýeti ösdürmek babatda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri bilen dünýä ykrarnamasyna eýe bolýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin. Ruhy gymmatlyk hökmünde milli mirasymyzyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýändiginiň nyşany bolan şeýle asylly işler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem dowam bolsun!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok