Mary şäherindäki Amerikan burçy ýazgyda duran ýerini üýtgetdi. Indi ol Gorkut ata köçesiniň 5-nji jaýynda — «Assa-Ýuwaş» işewürlik merkezinde ýerleşýär. Täze salgynyň açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Klimow gatnaşdy. Diplomat Mary welaýatynyň häkimliginiň wekilleri we burç direktory bilen bilelikde toý bagyny kesdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Amerikan burçlarynyň Türkmenabat hem-de Daşoguz şäherlerinde hem hereket edýär. Aşgabat şäherinde bolsa Amerikan merkezi işleýär.
Türkmenistandaky Amerikan burçlary Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu merkezler myhmanlara ABŞ-nyň taryhy, jemgyýeti, bilimi we medeniýeti baradaky iň täze we anyk maglumatlary hödürleýärler.
Gülşat BEGMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler