Görüşi pes bolan adamlar üçin ýörite sintezator işlenip düzüldi

8-12-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) türkmen dilinde söz sintezatoryny ulanmak boýunça okuw geçirdi. Oňa gatnaşyjylar programmany bilim maksatlary üçin ulanmagyň aýratynlyklary, şol sanda ekrany okamak we web sahypalaryna girmek bilen tanyşdylar. Türkmen dilinde söz sintezatory 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Bütindünýä çagalar gününde hödürlendi.

Ol görüşi pes bolan adamlara tekstden sözleýiş tehnologiýasyny ulanyp, türkmen dilindäki tekstlere girmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň görüşi pes bolan çagalar we ulular üçin bilim mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleri görkezýär.

Sintezator Bilim ministrligi, «ATScale» kömekçi tehnologiýalar üçin Bütindünýä hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti, «Louder Pages» kompaniýasy (RHVoice öndürijileri) we ÝUNISEF bilen Türkmenistandaky hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Bibigözel AŞYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok