Eziz Käbäň beýik Ataň hormaty

Türkmen halky uzak asyrlaryň dowamynda ata-enesini hormatlamagy, olaryň garran çagy ähli möhümlerini bitirmegi nesillerine wesýet edipdirler. Bu barada Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-azat” poemasynda perzendiň ata-enäniň öňündäki 40 borjy getirmegi hem sözümiziň aýdyň mysalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ene-ata bolan hormaty, söýgüsi we sylagy görelde mekdebidir. Her kitabynda ata-ene hormatyny saklamak barada Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn nygtamagy, öz beýik pederi Mälikguly aganyň, mähriban käbesi Ogulabat ejäniň atlaryny ebedileşdirmegi tutuş nesiller üçin terbiýe mekdebi bolup durýar.

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hem Gahryman Arkadagymyzyň merdana kyblasy Mälikguly aga bilen eziz ejesi Ogulabat ejäni ýatlamagy, olaryň belli günleriniň mukaddes oraza aýyna düşjekdigi barada nygtap, beriljek sadakalaryň, agyz açar sadakalarynyň sogaplary barada gürrüň etmegi hem perzendiň ata-enäniň öňündäki borçlaryny Gahryman Arkadagymyzyň birkemsiz berjaý edýändigini görkezýär.

Orazmyrat GURBANDURDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok