Daşoguzly telekeçiler pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýärler

Pawlowniýa agajy aýazly we yssy howa çydamlylygy üçin Daşoguz welaýatynyň howa şertlerinde ösmegi üçin örän amatlydyr.

Pawlowniýa agajy iň çalt ösýän agaçlaryň biri hasaplanýar we ony täzeden ekmezden birnäçe gezek kesip bolýar. Şol bir wagtyň özünde agajyň şahalaryny we ýapraklaryny öý haýwanlary üçin iým hökmünde ulanyp bolýar. Pawlowniýa agajy ýeňil, ýöne ajaýyp, çydamly we ýokary gyzgynlyga çydap bilýär hem-de onuň ýangyn howpy örän pes derejededir. Şol sebäpden, bu agaç dürli ugurlarda giňden ulanylýar, ol has hem gurluşyk pudagynda meşhurdyr. Ondan mebel, saz we sport gurallary ýasalýar.

Ýerli ekologlary bolsa pawlowniýanyň çalt ösýänligi we bol gülleýänligi netijesinde tozan howasyny arassalap, bol kislorod öndürýänligi, şäher meýdanyny bezäp biljekdigi gyzyklandyrýar. Olaryň pikiriçe, pawlowniýa agajy sebiti abadanlaşdyrmak üçin amatlydyr.

Aknur SEÝITKULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok