Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Astana şäheriniň häkiminiň orunbasary bilen duşuşdy. Duşuşykda ozal gazanylan ýokary derejeli ylalaşyklara laýyklykda, Gazagystanda Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
2024-nji ýylda Türkmenistanda we bütin dünýäde görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýär. Türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrjak bu ýylda Astanada Magtymgulynyň heýkeliniň gurulmagynyň ähmiýetini belläp geçdi.
Duşuşykda taslamany durmuşa geçirmegiň jikme-jiklikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bilelikdäki meýilnamalar hem-de ädimler beýan edildi. Taraplar heýkeli oturtmak boýunça soňraky bilelikdäki çäreleri kesgitlemek üçin mundan beýläkki maslahatlaryň möhümdigini aýtdylar.
Öwezgeldi SÖÝÜNOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler